Ýeňil atletika boýunça Lebap welaýatynyň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi

Nov 16, 2020

Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebinde ýeňil atletika boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň Saýat, Dänew, Köýtendag, Farap, Halaç, Çärjew etraplaryndan hem-de Türkmenabat şäherinden gelen türgenleriiň 70-e golaýy gatnaşdy.
Gyzlaryň arasynda türkmenabatly Kristina Nazarowa (100m), faraply Salina Bagtyýarowa (400m), türkmenabatly Nastýa Kalambet (ýadro), dänewli Bägül Nurowa (800m), türkmenabatly Gözel Astanowa (uzynlygyna bökmek), türkmenabatly Angelina Hamraýewa (disk zyňmak) birinji orny eýelediler.
Oglanlaryň arasynda dänewli Ahumjan Nurmammedow (1500m), türkmenabatly Ildar Hojaýew (100m), türkmenabatly Eziz Derýaýew (ýekedawan), türkmenabatly Atajan Badyýew (800m), türkmenabatly Rustam Öwezow (disk zyňmak) birinji orna mynasyp boldular.
Estafetada 4х100 metr aralyga türkmenabatly oglanlar we gyzlar topary, 4х400 metr aralyga faraply gyzlar we türkmenabatly oglanlar birinji orna mynasyp boldy.
Umumy netije boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji, Çärjew etrabynyňky ikinji, Farap etrabynyňky üçünji orny eýelediler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: