DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alamatsyz geçýän koronawirusyň nähili aýratynlyklaryny bilmeli?

Russiýaly immunolog-allergolog Wladimir Bolibok alamatsyz geçýän koronawirusyň aýratynlyklaryny açyp görkezdi we muny adama ýokuşmagynyň iň gowy görnüşi diýip aýtdy. Bu barada «НСН»-e salgylanmak bilen, mail.ru habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, infeksiýanyň alamatsyz geçmegi adam üçin howply däl. Özem, kesel ýokuşan hiç hili agyryny duýmaýar, sowuklamaýar we onuň saglygynda hiç hili üýtgeşme bolup geçmeýär. Şonuň üçin hem, bu ýerde gürrüň kesel barada gitmeýär. Sebäbi keseliň haýsy hem bolsa bir alamaty bolmaly.
Alamatsyz geçýän koronawirusda infeksiýa adamyň organizmine düşenden soň, biraz wagt onuň nemli bardasynda ýaşaýar. Adamyň immun ulgamy wirusyň garşysyna antitelalary (organizme üýtgeşik maddalar girizilende, işläp çykarýan hem-de onuň zyýanly täsirini ýok edýän maddalary) işläp çykarýar we ony ýok edýär.
«Dogrusyny aýtsam, şunuň bilen ol adam üçin pandemiýa tamamlanýar. Alamatsyz geçirmek pandemiýa gatnaşmak üçin iň oňat usuldyr» diýip, immunolog nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply