JEMGYÝET

Medeniýet işgärleri gallaçylaryň arasynda myhmançylykda boldular

Farap etrabynyň medeniýet işgärleri etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň gallaçylaryň arasynda myhmançylykda boldular. Bu tutumly çäräni etrap häkimligi, medeniýet bölümi, Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleri, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar.

Günortan arakesmede galla meýdanynyň gyrasynda guralan çärede medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary, folklor toparynyň çykyşlary gymmatly hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrunda gaýratly zähmet çekýän daýhanlaryň we olaryň köp sanly ýardamçylarynyň armasy bolup ýaňlandy. Belent heňde aýdylan aýdymlarda gülläp ösýän Watanymyz, uly iliň soltany bolan gallanyň bolçulygyny döredýän adamlaryň zähmeti wasp edildi. Bu ýerde zähmet adamlary gazet-žurnallaryň täze sanlary, täze neşir edilen çeper eserler bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa orakda tapawutlanyp zähmet çekýän ussat kärendeçilere, kombaýnçylara we sürüjilere gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Häzirki gyzgalaňly günlerde şeýle çäreler ýygy-ýygydan guralýar. Bu bolsa gallaçylaryň arasynda zähmet joşgunyny döredýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: