JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Türkmenistan heläkçilikli ýer titremesi bolup geçen Owganystana ynsanperwer kömegini berer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen geçiren duşuşygynda aýtdy, diýip, Ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda goňşy halka ynsanperwer kömegini berip gelýär. Mysal üçin, geçen ýyl Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlary, şonuň ýaly-da nebit önümleri iberildi. Şeýle hem, dürli wagtlarda derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary iberildi. Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna 500 orunlyk metjit guruldy. Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna Balh welaýatynda mekdep, Farýab welaýatynda hassahana, Gerat welaýatynda çaga dogruş öýi gurlup berildi. Owganystana elektrik energiýasy arzan bahadan iberilýär. Häzirki wagtda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan «Akina — Andhoý» demir ýolunyň iň soňky böleginde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: