JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda brifing geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
atly brifing geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça wekilhanasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan syýasaty, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri, häzirki zaman türkmen edebiýatynda, metbugatda bu işleriň beýan edilişi barada habar berdiler. Dünýäniň halkary bilen alnyp barylýan medeni gatnaşyklar, edebi gatnaşyklary ösdürmek, türkmen okyjylaryny dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserler bilen tanyşdyrmak maksady bilen edilýän terjimeler we başga-da birnäçe meseleler boýunça maglumatlar hem brifinge gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda gazanylýan üstünlikler barada wideo film görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: