YKDYSADYÝET

«Beg ýüpek» hojalyk jemgyýeti täze önümçiligi ýola goýdy

«Beg ýüpek» hojalyk jemgyýetinde öndürilip başlanan dürli ölçegli örtgüler tiz günlerde söwda nokatlarynda halka hödürlener.

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän multifilamentli ýüplükleriň önümçiligi bilen tanalýan bu hojalyk jemgyýetinde gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Bu bolsa kärhanada multifilamentli polipropilen ýüplükleriň aýda ýüzlerçe tonnasy öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Bu ýüplükler, esasan, haly önümçiliginde giňden ulanylýar. Mundan başga-da, «Beg ýüpek» hojalyk jemgyýetinde türkmen milli lybaslaryň, saçaklaryň bezeg işlerinde ulanylýan alajalaryň hem önümçiligi alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: