YKDYSADYÝET

Lebapda 2,1 milliar kilowat sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

Şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýaty boýunça elektrik energiýasynyň 2,1 milliard kilowat sagada golaý mukdardakysy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.

Geçen ýyllarda welaýatyň çäginde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda işleýän elektrik desgalarynyň birnäçesi guruldy. Olara «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary, Kerki etrabyndaky kuwwaty 500 kilowata barabar bolan elektrik bekedi, Seýdiniň durky düýpli täzelenilen ýylylyk elektrik merkezi degişlidir. 

Bu desgalar Türkmenistandan eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem uly goşant goşýarlar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Watan» döwlet elektrik stansiýasynda her ýylda elektrik energiýasynyň, takmynan, 1–1,5 milliard kilowat töweregi öndürilýär. Kuwwatlylygy 254 megawat bolan elektrik stansiýasynyň önümi ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: