YKDYSADYÝET

Birža söwdasynda Türkmenistanda öndürilen uglewodorod önümlerine uly isleg  bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede geleşikleriň 42-si hasaba alnyp, esasy satyn alyjylaryň hatarynda Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň telekeçilerini görkezmek bolar. Çünki olar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, nebitden ýol bitumyny daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzinini Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri-de bahasy 42 million 482 gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: