YKDYSADYÝET

Kaka etrabynda gaýtadan işlenen ýüňden Russiýada keçe ädik öndürýärler

Kaka etrabyndaky «Ata melhem» hususy kärhanasynda maldarçylyk bilen meşgullanýan ýerli telekeçilerden alynýan ýüň arassalanylyp, gaýtadan işlenilýär. 2019-njy ýyldan bäri önümçiligi alyp barýan bu kärhanada gury garda geýilýän keçe ädikleriň, gyşky egin-eşikleriň önümçiligi üçin, keçe basmakda ulanylýan saryja we garaköli goýunlaryň ýüňi gaýtadan işlenilýär hem-de gaplanylýar. Bu ýerde ýüňden egrilen ýüplük hem öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan önümlere isleg barha artýar. Kärhana tarapyndan öndürilen önümler Russiýa Federasiýasyna, Hindistan we Belarus Respublikalaryna eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: