JEMGYÝET

Bedewler üçin ýörite dokalan halylar görkezilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bedewler üçin ýörite dokalan haly önümleri görkezilýär.

Olaryň arasynda «at ýapynja», «at çirgi» ýaly ýapynjalar bar. Eýeriň üstüne ýapylýan haly önümi bolsa «eýerlik haly» diýlip atlandyrylýar. «At köýnekçe» bolsa bedewiň üstüne baýramçylyk günleri ýapylypdyr we ol aty bezäpdir hem-de sowuk şemaldan gorapdyr. «Derlik» bolsa özüniň ýukalygy, ýumşaklygy we gölleriniň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewiniň boýnuna uzyn lenta görnüşli «boýunlyk» atylypdyr. Kükregine ýapylýan «gursakça» bolsa ony bezemek üçin dokalypdyr.

Bu we beýleki eksponatlar muzeýe gelýänleri türkmenleriniň özüniň wepaly dosty bolan ahalteke bedewine nähili hormat bilen garandyklaryny görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: