JEMGYÝET

Gadymdan gelýän Waýdako ýapon depreklerinde saz çalýanlar mekdep okuwçylarynyňkyda myhmançylykda boldular

Gadymdan gelýän Waýdako ýapon depreklerinde saz çalýanlaryň topary Türkmenabat şäherindäki 35-nji orta mekdepde myhmançylykda boldular. Bu ýerde okuwçylar ýapon dilini öwrenýärler.

Myhmanlary duz-çörek bilen garşy aldylar we olar bilen ýapon dilinde salamlaşdylar. Mekdep ansambly olar üçin türkmen aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Myhmanlary mekdebiň işi bilen tanyşdyrdylar. Soňra Günüň dogýan ýurdundan gelen myhmanlar ýygnananlara ýapon saz sungaty, onuň bilen baglanyşykly däpler barada gürrüň berdiler, gadymdan gelýän Waýdako ýapon deprekleri bilen tanyşdyrdylar. Yzyndan bu saz gurallarynda sazlary çaldylar.

Oktýabrda bu ýerde sýamisen we fukukumi saz gurallarynda saz çalýan Kasumu Masumoto, ýapon halk aýdymlaryny ýerine ýetiriji Ýosiko Masumoto we tansçy Çiho Komasu dagylar myhmançylykda bolupdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: