JEMGYÝET

Gadymy Türkmenabat gözelleşýär

  Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösýär, özgerýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döründe diňe paýtagtymyz däl, eýsem welaýat merkezleri hem ajaýyp keşbe girýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesi kämilleşýär. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen birlikde Lebap welaýatymyzyň merkezi Türkmenabat şäheri hem ýyl-ýyldan gözel keşbe girýär, owadanlaşýar. Türkmenabat şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş  şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. Welaýat merkezimizde soňky ýyllarda köp gatly jaýlaryň onlarçasy bina edildi, edara binalarynyň birnäçesi halkyň hyzmatyna berildi. Türkmenabat Halkara aeroportyna barýan ýoluň ugrunda onlarça ýaşaýyş jaýlary, hyzmat ediş nokatlary açylyp halkymyzyň hyzmatyna berildi. Welaýat merkezimizdäki täze metjidiň ajaýyp binasy bolsa uzaklardan hem göze gelewliligi bilen şäherimiziň görküne görk goşup dur. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berlen bu metjit ildeşlerimiziň sadaka bermekleri üçin iň mukaddes ýerleriň biri hasaplanýar. Şäherlerimiziň, oabalarymyzyň ýollary bolsa tekizligi bilen, owadan güller bilen jäheklenen ýodajyklary bilen ynsan kalbyny heýjana salýar. Ajaýyp binalar, ýaşyl öwsüp duran ýodajyklar, suw çuwdirimler diňe bir Türkmenabat şäheriniň keşbine bezeg bermän, eýsem ilatyň göwnüni göterip, Garaşsyzlyga bolan guwanjyny, Bitaraplyga bolan buýsanjyny artdyrýar.

Gadymy Türkmenabat şäheri barha juwan keşbe girýär, gitdigiçe gözelleşýär, owadanlaşýar. Iň esasy zat bolsa şol gözelligiň ilatyň kalbyndaky guwanç, Garaşsyzlygymyza, onuň getirýän ajaýyp miwelerine buýsanç bilen utgaşyp gidýänligidir. Indi adamlar ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyny has gowy bilýärler. Şoňa görä-de öz halkyny şu arzyly döwrana, erkin, asuda döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza uly il alkyş aýdýar.  Biz – ýaşlar guramalarynyň hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy gülletmekde alyp barýan işleri, aladalary üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetilen belent sepgitleri synlanyňda, milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň dabaralanýandygyna, Garaşsyzlygymyzyň beren miwelerine diýseň buýsanýarys. Geljekde-de biz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleri, ýetilen belent sepgitleri etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda wagyz etmekde, olara düşündirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Täze 2022-nji „Halkyň Arkadagly zamany“ ýylynda hem yhlasymyzy gaýgyrman döredijilikli, ak ýürekden işläris. Sebäbi ýaşlaryň kalbynda Arkadagymyza bolan söýgi bar, hormat bar. Bizi baky bagtyýarlyga ýetiren milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! 

Şöhrat Kadyrow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň bölüm müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: