SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

«Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara oýunlarynda lebaply türgenler 11 medal gazandylar

27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara oýunlarynda türkmenistanly türgenler dürli derejeli medallaryň 16-syny gazandylar. Olaryň 11-sini lebaply türgenler getirdiler. Olaryň biri altyn, şonçasy kümüş we 9-sy bürünç medallardyr.

Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Sabina Kasymjanowa has netijeli çykyş etdi. Ol 3000 metr aralyga ylgamakda altyn medala, 1500 metr aralyga ylgamakda bürünç medala mynasyp boldy. Sabina Dänew etrabynyň 5-nji sport mekdebinde tälim alýar.  Saýat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurana Hezretowa 65 we +65 kilogram agram derejelerinde sambo we kuraş boýunça üçünji orna mynasyp bolup, iki sany bürünç medal gazandy. Ýeke-täk kümüş medaly kuraş boýunça ikinji orny eýelän Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Zinat Koçmatowa getirdi. Ol bu medala 44 kilogram agram derejesindäki türgenleriň arasynda mynasyp boldy. Pälwanlaryň ikisi hem Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde tälim alýarlar.

Galan bürünç medallary erkin göreşden Söhbet Naryýew, Mekan Hudaýberenow we Selbi Zahirowa, kuraşdan Diniislam Mahmaşaripow, Narmurat Muradow we Daýanç Karaýew dagylar Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabyna ýazdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: