30 ýyllyga 30 desga: olaryň arasynda Lebapdaky desgalar hem bar
Türkmenistanda şu ýyl jemi 30 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy meýilleşdirilip, ýanwar aýynda olaryň bäşisi ulanylmaga berildi. Bu barada ORIENT-iň habarynda aýdylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen aýda Lebap welaýatynda “Malaý” gaz känindäki gaz gysyjy desgasy, Akina – Andhoý demir ýoly, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisi işe girizildi.
Ýylyň dowamynda garaşylýan iri açylyş dabaralarynyň birnäçesi Lebap welaýaty bilen hem baglanyşyklydyr. Has takygy, iýun aýynda Türkmenabatda 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we Kerki howa menziliniň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň birinji tapgyry bolan Aşgabat ― Tejen böleginiň gurluşygynyň iýul aýynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň tomsunda Çärjew etrabynda 432 MWt gaz turbinaly elektrik bekedi gurlup ulanylmaga berler.