JEMGYÝET

«Ussat bagban» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde yglan eden «Ussat bagban» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ministrligiň ýerli gullugy tarapyndan guralan bu çärä etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagbanlar gatnaşdylar.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Dänew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginden gelen Nury Abaýew birinji orna mynasyp diýlip bellenildi. Kerki etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň bagbany Hudaýnazar Rahmanowa bolsa ikinji orun berildi. Üçünji orna Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbany Sülgün Agamamedowa we Çärjew etrabynyň «Ýassydepe» daýhan birleşiginiň bagbany Serdar Astanow mynasyp boldular. Nury Abaýew bäsleşigiň Aşgabatda geçiriljek jemleýji tapgyrynda welaýat wekilçilik eder.

Ýeňijilere we gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: