JEMGYÝET

Ýaş žurnalistler üçin tomusky mekdep öz işine başlady

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda türkmenistanly ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky mekdep öz işine başlady. 4 günlük bu okuw maslahatyna merkezi metbugat neşirleriniň, ýurdumyzda hereket edýän internet saýtlarynyň žurnalistleri adaty hem-de onlaýn usulda gatnaşýarlar.

Şu gezekki çäre ýörite zähmet ýoluna ýaňy başlan ýaş žurnalistler üçin guralyp, olaryň onlaýn köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde zerur bolan bilimlerini artdyrmaga hem-de başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Okuw maslahatynyň dowamynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine sanly žurnalistikanyň gurallarydyr onuň esasy görnüşleri barada has giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: