BIZE YAZYARLAR

Fortepiano hünäri boýunça açyk sapagy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň fortepiano hünäriniň 1-nji synp okuwçysy Ylham Ahmedow bilen bilelikde «Barmaklaryň üstünde işlemek» atly mowzuk boýunça açyk sapagyny geçirdik. Oňa mekdebimiziň şu hünäriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Fortepiano hünärine orta mekdebiň 5-nji synp okuwçylary kabul edilýär. Ol çagalar sungat mekdebinde bu hünär boýunça 7 ýyl bilim alýarlar.

Hünäre täze kabul edilýän çagalar bilen ilkinji alnyp barylýan iş olaryň barmaklaryny saz guralyna sazlamakdyr. Bu ädim çagalarda hem, mugallymlarda hem käbir kynçylyklary döredýär. 1-nji synpyň zehinli okuwçylarynyň biri Ylham Ahmedow bilen geçiren açyk sapagymyzda şol kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollaryny kärdeşlerimiz bilen paýlaşdyk. Olar açyk sapagyň iňňän netijeli bolandygyny nygtadylar.

Işde tejribe alyşmak bilelikdäki kämilligi üpjün edilýär. Munuň üçin welaýatymyzdaky sungat ugurly bilim ojaklarynda, şol sanda biziň mekdebimizde hem giň mümkinçilikler bar.

Munira DILAKOWA,

Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: