JEMGYÝET

Moda hepdeliginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Bu dabara Aşgabatdaky «Gülzemin» söwda merkezinde geçirildi. Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň guramagynda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerinde geçirilen bu Moda hepdeliginiň jemleýji tapgyryna modeller öýleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hepdeliginiň dowamynda paýtagtymyzdaky onlarça dizaýnerler özboluşly işlerini ýaş modelleriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdiler. Hepdeligiň jemleýji tapgyrynda «Iň gowy model», «Iň gowy modeller öýi», «Iň gowy dizaýner», şeýle hem dürli hili kreatiw pikirleri öňe sürýän toparlara sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: