BIZE YAZYARLAR

Maslahat geçirildi

  2023-nji ýylyň fewral aýynda Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde ähli hünär ugurlary boýunça hünärmenleriň okuw-usuly amaly maslahatlary geçirildi.

     11 – hünär ugurlaryndan geçirilen okuw-usuly maslahatda halypa mugallymlaryň çagalara başlangyç saz-sungatynyň ilkinji tälimini bermekde köpýyllyk tejribesine esaslanan görkezme sapaklarynda, çykyşlarynda ýaş hünärmenlere degerli maslahatlary berdiler.

     Lebap welaýat Medeniýet müdirligi we Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu okuw-usuly amaly maslahata welaýat çagalar sungat mekdebiniň we etrap, şäher çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarydyr ýolbaşçylary işjeň gatnaşyp, maslahaty guramaçylykly, netijeli we üstünlikli jemlediler.

  Şeýle maslahatyň ýurdumyz boýunça geçirilmegini we ähli sungat mekdepleriniň öňünde durýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada teklipler edildi.

 

Lebap welaýat Çagalar sungat mekdebiniň   okuw-terbiýeçilik işleri boýunça direktoryň orunbasary 

Batyr Ýazmyradow

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: