YKDYSADYÝET

Türkmenabat pagta egriji fabriginde 110,5 göterim ösüş depgini gazanyldy

Türkmenabat pagta egriji fabriginde 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 3 müň 139 tonna nah pagta ýüplügi öndürildi. Netijede,  geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 110,5 göterime barabar boldy.

Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 61 million 759 müň manatlyga deň boldy. Öndürilen önümleriň 3 müň 41 tonnasy ýerlenildi. Pul hasabynda bolsa 59 million 826 müň manatlyga barabardyr. Kärhanada öndürilýän nah ýüplükler Birleşen Arap Emirliklerine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Gyrgyzystana, Gruziýa eksport edilýär.

Kärhanada 20/1, 27/1, 34/1 belgili ýokary hilli nah ýüplükleri öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: