YKDYSADYÝET

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda ösüş depgini ýokarlanýar

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda şu ýylyň on aýynda bahasy 2 million manatdan gowrak iş edildi. Netijede ösüş depgini 101 göterime golaýldy.

Bu ýerde oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak bilen bir hatarda olar üçin ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar. Kärhanada ö oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň 100-den gowrak görnüşi öndürilýär hem etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: