BILIM

Türkmenistanda geçirilen ders bäsleşiklerinde lebaply okuwçylar üstünlikli çykyş etdiler

Mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň jemleri mälim boldy. Ol orta mekdeplerinde öwrenilýän dersleriň onusy boýunça geçirilipdi we oňa bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň 120-den gowragy gatnaşdy.

Ders bäsleşiginde tabşyrylan işler barlanylandan soň okuwçylaryň 5-isiniň birinji, 11-isiniň ikinji we 19-ysynyň üçünji orunlara mynasyp bolandyklary belli boldy. Olar degişlilikde altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýeleri boldular. Lebap welaýatynyň baş bilim müdirliginde esasan Türkmenabat şäherindäki, Dänew we Çärjew etraplaryndaky mekdepleriň okuwçylarynyň gowy netijeleri görkezendiklerini belleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: