JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisi guraldy  

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurady. Ol dynç alyş möwsümi tamamlanýança dowam eder.

Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, çeper edebiýatlar, türkmen halk ertekileri, gazetler we žurnallar goýuldy. Merkezde dynç alýan çagalar islän wagtlary kitaplary okamak üçin alyp bilýärler.

Kitaphananyň işgärleri dynç alyş möwsüminiň dowamynda merkezde gurjak teatryny görkezmegi hem meýilleşdirýärler. Onda türkmen halk ertekileriniň esasynda goýlan pýesalar görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: