Ýady berkitmegiň ýedi ýoly
Ýady berkitmek üçin beýni elmydama türgenleşige mätäç. Esasy mesele bolsa maşky dogry saýlap bilmekdedir. Geliň, beýnimizi işjeňleşdirmegiň we ýadymyzy ösdürmegiň iň peýdaly usullarynyň üstünde durup geçeliň!
— Köpräk goşgy öwreniň we sesli okaň!
Bu ýat tutmaly diýildigi däl, okan zadymyza doly düşünmek, akyl ýetirmek we özleşdirmek diýmekdir. Ýuwaş-ýuwaşdan her günki okaýanlaryňyzyň göwrümini köpeldiň. Gyzykly däl hasaplaýan eserlerimizi okamak bilen aňymyzy has güýçli işlemäge mejbur ederis. Sesli okamak bilen eşidiş ýadymyzy-da berkideris. Eger goşgy halamasaňyz, aýdymlary öwreniň!
— Gaýtalamakdan ýaýdanmaň!
Bu usulyň täsiri örän uly. Gaýtalamak bilen indi az wagtyň dowamynda öňküden ep-esli köp zady berkidýändigiňize göz ýetirersiňiz!
— Unudanlaryňyzy ýatdan gaýtalajak boluň!
Köne tanyşlaryň adyny, telefon belgileri, parollaryňyzy, bişirjek tagamymyza gerekli önümleriň sanawyny ýazga seretmän gaýtalajak boluň. Muňa wagtyňyzy gysganmaň!
— Daşary ýurt dillerini özleşdiriň!
Bu beýni öýjüklerini işjeňleşdirip, ýadyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň iň esasy usulydyr. Şeýle hem bu ýaşyň geçmegi bilen baglanyşykly ýüze çykyp biläýjek keselleriň hem öňüni alar.
— Günüň wakalaryny ýadyňyza salyň!
Gijeki ukynyň öň ýanyndan şol günüň dowamyndaky gürrüňdeşlikleriňizi, iýen zatlaryňyzy, eden işleriňizi ýadyňyzda gaýtalaň. Eger bu sizde ýürekgysgynçlyk döretjek bolsa, gündeligiňize bellik ediň.
— Oýunlary oýnaň!
Küşt, pazyl, sudoko, rebus ýaly oýunlar, krosswordlar, skanwordlar has peýdalydyr. Bu ünslüligiňizi hem artdyrar.
— Endikleriňizi täzeläň!
Meselem: marşrutyňyzy üýtgediň, sag elde edýän işiňizi çep elde etmäge çalşyň, başga tipli aýdymlary diňläň, täzeçe tagamlary taýýarlajak boluň… Bu ýat giňişligini giňelder.
Ýeterlik uky almak barada-da ýatdan çykarmaly däldiris!
Leýla Jumaýewa,
Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.