JEMGYÝET

Türkmenistanyň kartasynda täze şäher peýda boldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesini berildi we oňa «Arkadag» ady dakyldy hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmaly diýlip kesgitlenildi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmeli edildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 ga ýerlerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek hem bellenildi. Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasy we adybir geňeşligi Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykaryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmek hem bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: