TÜRKMENISTAN HABARLARY

BAE iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

BAE iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar iki ýurduň energetika, gazhimiýa we özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan beýleki ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň aýratyn netijeliligini beýan etdiler. Türkmenistanyň we BAE-niň bu ulgamlardaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilip geçildi.

«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler we onuň has belent derejelere yzygiderli çykarylýandygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşler şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda, hususan-da iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine gönükdirilen ykdysadyýet, maýa goýum we ösüş ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň giňişleýin toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna hem gol çekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: