SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Mugallymlar ýaryşdylar

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde küşt, şaşka we düzzüm boýunça ýaryş geçirildi.
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň guramagynda geçirilen çärä welaýat merkezindäki orta mekdepleriň mugallymlary we tehniki işgärleri gatnaşdylar.
Düzzüm boýunça 9-njy orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Kamiljan Jumanazarow hemmelerden üstün çykdy we birinji orna mynasyp boldy. 5-nji we 11-nji orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary Myrat Saidow bilen Wladislaw Pahomow bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Şaşka boýunça 11-nji orta mekdebiň himiýa we biologiýa mugallymy Gülbahar Kasymowa hemmelerden ökde çykdy. 1-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Babanyýaz Joraýew ikinji, 5-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Muhammet Hojanepesow üçünji orunlar bilen ylalaşmaly boldular. Küşt boýunça guralan duşuşyklar şeýle netijeler bilen tamamlandy: 21-nji orta mekdebiň matematika we informatika mugallymy Myrat Babalyýew birinji, 30-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Sadat Jumakulyýewa ikinji, 9-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nargözel Koçkarowa üçünji orunlary eýelediler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply