TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Güneşli miwe» ähli pasyllarda ter miwe bar

«Rysgal» gazetiniň habar bermegine görä, ahally telekeçi Ahmet Jumabaýew hem indi birnäçe ýyl bäri 500 gektar ýere dürli miweli bag nahallaryny ekmek bilen, olara damjalaýyn suwarmak usulynda ideg edýär.

Ol özüniň kärende ýerinde şetdaly, alma, armyt, çereşnýa ýaly miweli baglardan ýüzlerçe tonna hasyl alýar. Häzirki wagtda bu miweler «Güneşli miwe» haryt nyşany bilen içerki bazarlarda halkymyza hödürlenýär. Kärhanada miweleri saklamak üçin niýetlenen umumy möçberi 10 müň 600 tonnalyk sowadyjy ammaryň 2,5 müň tonnalyk bölegi işledilýär. Onda miweler zaýalanmaz ýaly derejede, ýylyň ähli paslynda hem terligine saklanýar. Mundan başga-da, tomsuna baglaryň üsti Italiýadan getirilen ownuk gözli gözenek örtükleri bilen örtülip, miweler yssy howadan goralýar. Kärhanada täze ýapon armydy hem ösdürilip ýetişdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: