TÜRKMENISTAN HABARLARY

Buharada türkmen kinosy görkezildi

Buhara döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz Han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinofilmleri görkezildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ol «Ýüpek ýolunyň merjen dänesi» atly XIII Daşkent halkara kinofilm festiwalynyň çäklerinde görkezildi.

Şu festiwalyň çäklerinde geçirilen «Dünýä kinofilmleriniň günlerinde» dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunyň kinofilmleri görkezildi.

Daşkent kinofilm festiwaly 1968-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: