JEMGYÝET

Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan tebigy gaz alar

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ylalaşyga paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi, diýip «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Bu barada «IRNA» habarlar gullugy habar berýär. Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 1.5-2 milliard kubmetr möçberindäki Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: