JEMGYÝET

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden Aşgabada günde iki gezek ýolagçy uçarynyň gatnawy amala aşyrylar

Şu ýylyň 25-nji sentýabryndan Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden Aşgabada günde iki gezek ýolagçy howa gatnawy amala aşyrylyp başlandy. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda çap edilen ýolagçy howa gatnawynyň tertibinde habar berilýär. Sentýabr aýynyň başyndan bäri bu ugurda diňe bir gatnaw ýola goýulypdy.

Uçuşlar Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada her gün 08-00-da we 19-20-de,  Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenabada  — 06-00-da, 17-3—da ýerine ýetiriler.

Saýtda uçuşlaryň tertibiniň üýtgemeginiň mümkindigi barada hem habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: