TÜRKMENISTAN HABARLARY

YHG-niň biznes forumynyň meýdançasynda 35,5 million dollarlyk şertnama baglaşyldy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Aşgabatda geçirilen biznes forumynda işewürler tarapyndan 17 resminama, birža söwdasynyň jemleri boýunça bolsa 25 resminama gol çekildi. Eksport we import şertnamalarynyň umumy bahasy 35,5 million dollardan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen kompaniýalary konditer önümlerini («Miweli ülke», «Datly şerbet», «Altyn Ýunus» we beýlekileri) Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkiýä we Özbegistana eksport etmek boýunça şertnamalara gol çekişdiler. Import boýunça kontraktlaryň içinde Türkiýeden mebel öndürmek üçin enjamlary, Gazagystandan bugdaý getirmek we beýlekiler barada şertnamalar bar.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň demir ýol edaralary tarapyndan «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýol geçelgesini ulanmak boýunça özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: