LUKMANÇYLYK

Aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirildi

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp Çärjew etrap häkimliginde aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde guradylar. Dabara etrabyň lukmanlary gatnaşdylar. Bu günki baýramçylyk gününde etrabyň öňdebaryjy lukmanlaryna, şeýle-de ulgamyň işjeň ýaşlaryna guramaçylar tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda aýdym-sazlara, baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi.

Kerki etrap hassahanasynda hem şeýle çäreleriň biri geçirildi. Ony Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar. Hünär baýramçylygy mynasybetli geçirilen bu günki dabarada etrabyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärleriniň bir topary TAP-nyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: