LUKMANÇYLYK

Gazna lebaply çagalaryň 50-den gowragyna saglyk paýlady

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilen operasiýalaryň bäşden biri Lebap welaýatynyň çagalarynda geçirildi. Bu barada welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň orunbasary «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalasynda nygtaýar.

Makalada görkezilişi ýaly, gazna döredileli bäri onuň serişdeleriniň hasabyna ýurtda 260 operasiýa geçirildi. Şol operasiýalaryň 50-den gowragy bolsa Lebap welaýatynda ýaşaýan çagalarda alnyp baryldy.

Ýakynda habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäherindäki halkara derejeli saglyk merkezinde lebaply çagalaryň ýene-de ikisinde operasiýalar üstünlikli geçirildi. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: