JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde ýapon kinosynyň agşamy geçirildi

 Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Ýapon filmleriniň görkezilişi boldy. Ol Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň  iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde guraldy.

Bu ýerde iki sany film: «Şu tomsuň filmi» we «Batyrgaý ata ulgamda: biziň Final Fantasy XIV taryhymyz» atly filmler görkezildi. Onuň birinjisinde kinonyň baş gahrymany bolan ýokary mekdebiň üçünji synp okuwçysynyň gatnaýan klubynda diňe romantiki filmleri surata düşürýärler. Gyzjagaz bolsa taryhy dramalary gowy görýär. Günlerde bir gün onuň taryhy drama surata düşürmek arzuwy amala aşýar. Şondan ol soň ýetginjeklik döwrüni şeýle filmeri surata düşürmäge bagyşlaýar.

Ikinji film atasy bilen oglunyň arasynda bolup geçen tolgundyrýan waka barada. Atasy işleýän kompaniýasyndan duýdansyz işden çykýar we uzyn günläp diňe telewizora tomaşa edip oturýar. Filmiň baş gahrymany çaga döwri bilelikde oýnan «Final Fantasy» onlaýn oýnuna çagyrýar. Olar köp wagtlap biri-birinden şahsyýetlerini gizleýärler. Ýöne kinonyň soňunda ataly ogul öz aralaryndaky gatnaşyklaryny dikeldýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: