JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde Ýapon tagamlary bilen tanydyrylyş boldy

Türkmenabat şäherindäki «Döwrebap» söwda merkeziniň «Kämil» restoranynda ýapon tagamlary bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Ol Türkmenistan bilen  Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Ony Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Çäräni Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly hukukly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki açdy. Ol Türkmenabatda geçiriljek medeni çäreleriň maksady bilen gysgaça tanyşdyrydy. Soňra Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Oguljennet Beridiliýewa gysgaça çykyş etdi.

Ilçiniň rezidensiýasynyň resmi şef-powary Maçida Hiroýuki çärä gatnaşyjylary «maki-dzusiniň» (suşi-rollynyň) dürli görnüşleri bilen tanhydyrydy. Ozalyndan ol ýapon tagamlary barada umumy gürrüň etdi we olaryň nähili içgi bilen bilelikde berilýändigini düşündirdi. Soňra suşiniň döreýiş taryhy we ony haçan ilkinji gezek satuwa gykarmak üçin taýarlap başlandyklary barada gürrüň berdi. Onuň nähili görnüşleriniň bardygyny, taýýrlamak üçin nähili önümleriň gerekdigini gürrüň berdi. Soňra bolsa onuň taýýarlanylyşyny görkezdi we oturan,lara hňdür etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: