Türkmenabatdaky hassahanada şypahana bejergileri berilýär

Türkmenabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän welaýat iç keselleri hassahanasy ýürek-damar we degna ulgamynyň kesellerini bejermäge ýöriteleşdirilip, bu ýerdäki bejergiler ýyladyşhana usulynda alnyp barylýar.

Hassahanada umumy bejeriş otaglaryndan daşary fizioterapiýa, Mollagara palçygy bilen bejeriş, parafin-ozokerit, owkalama, iňňerefleks, fitobar hem-de bejeriş bedenterbiýe otaglary hem bar.

Häzirki wagtda hassahanada bejergi alýanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan ― melhemler mekany» hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplaryndan ugur alnyp, ýurduň çägindäki meşhur mineral çeşmelerden getirilen tebigy bejeriji serişdeleri (Mollagara palçygy, deňiz duzlary, wulkan palçygy, dermanlyk otlary) bilen bejergi alyp, degna, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinden we sowuklamadan saplanyp bilýärler.

Hassahanadaky galoterapiýa otagynda ulanylýan melhemlik serişdeler hem öz ýurdumyzda öndürilen önümlerdir. Hassahananyň suw bilen bejeriş bölüminde bolsa mineral duzly suwdan taýýarlanylan rahatlandyryjy wannalar ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: