JEMGYÝET

Awazada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdaky okuw maslahaty geçirilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdaky okuw maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurduň welaýatlarynyň nebit-gaz, medeniýet, awtoulag we ýol-hojalygy pudaklarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we arkalaşygyň işjeň agzalary gatnaşýarlar.

Bu okuw maslahatynyň aýry-aýry pudaklaryň wekilleri bilen bilelikde her ýyl geçirmek indi däbe öwrüldi we ol arkalaşygyň tertipnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu gezekki maslahat «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Kärdeşler arkalaşygynyň tutýan orny» diýen tema esaslanýar. Okuw maslahaty bäş günläp dowam edip, onuň çäklerinde sport çäreleri, welosipedli gezelençler we medeniýet agşamlary geçiriler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: