JEMGYÝET

Indiki ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti bu barada ýörite Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Medeniýet hepdeligini 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Her ýyl welaýatlaryň birinde we Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli hepdeligi guramak asylly däpleriň birine öwrüldi. Ol bu ýyl Mary welaýatynda geçirildi we düýn tamamlandy. Bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň ähli ýerlerinden gelen myhmanlary Lebap welaýatynda kabul edipdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: