YKDYSADYÝET

Guýularyň öndürijiligi ýokarlandyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary boýunça goşmaça alnan «gara altynyň» umumy möçberi 202 müň 559 tonnadan hem köp boldy. Munuň özi 28,2 müň tonna barabar nebitiň meýilnamadan artyk çykarylandygyny habar berýär. Tutuş trest boýunça goşmaça alnan nebitiň 93 müň tonna barabary «Goturdepe», 89 müň tonnadan gowragy bolsa «Barsagelmez» müdirliklerine degişlidir.

Bu konserniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň guýulary abatlamak boýunça alyp baran işleriniň berýän miweleridir. Üstümizdäki ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda olar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň jemi 378-sine derek 421-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler.

Şu döwürde goşmaça gaz çykarmagyň meýilnamasynyň trest boýunça 7 esseden köp artygy bilen berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: