JEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri bag ekmeklige gatnaşdylar

Ählihalk bag ekmek çäresiniň öňüsyrasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýazky bag ekmek çäresini gurady, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Türkmenistanyň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek we daşky gurşawy goramak boýunça edýän aladalaryny goldamak maksady bilen geçirilen çärä diplomatiki wekilhananyň işgärleri, ýaşlar, şonuň ýaly-da, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň we maýyp adamlara goldaw Merkeziniň meýletinçileri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda 80 gowrak düýp kerkaw, çynar, dagdan we tut agaçlary oturdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: