JEMGYÝET

«Lebapgazçykaryşyň» işgärleri zähmet bäsleşiginde ýeňiji boldular

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulaglar kärhanasynyň işçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan edilen zähmet bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.

Müdirligiň işgärleri welaýatyň çar ýanynda ýerleşýän gaz känleri we önümçilik desgalary üçin zerur ýükleri daşamak, gaz geçirijileri abatlamak ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Munuň üçin kärhanada dürli kysymly tehnikalaryň 320-ä golaýynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar.

Möhüm işlerde ussat sürüjiler Gurbandurdy Mämiýew, Maksat Annakgaýew, mehanizator Baýrammämet Hojaýew dagy ýokary işjeňlik görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: