YKDYSADYÝET

Geçen 10 aýda lebaply telekeçiler 529 müň dekalitrden geçirip alkogolsyz içgileri öndürdiler

Üstümizdäki ýylyň ýanwar—oktýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň telekeçileri tarapyndan öndürilen alkogolsyz içgileriň möçberi 529 müň dekalitrden geçdi.

Ilaty uly islegden peýdalanýan içgiler bilen üpjün etmekde «Sümmül» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri aýratyn işjeňlik görkezdiler. Olar arassalanan agyz suwunyň 174 müň dekalitre ýakyny alyjylara ugradyldy. Bu geçen ýylyň on aýyndakysyndan 20 müň dekaltire ýakyn kändir. «Yşgyn» hususy kärhanasynda bolsa alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini 137,4 müň dekalitri çykaryldy. «Titi» hususy kärhanasynda bolsa bu görkeziji 98,67 müň dekalitre barabar boldy. Ýagny, ilata hödürlenen önüm geçen ýylyň degişli döwründäkisinden iki essä ýakyn köp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: