JEMGYÝET

Awazada hasapçylaryň okuw maslahaty geçirildi

Awazadaky «Daýanç» sagaldyş-dynç alyş merkezinde okuw maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan guraldy. «Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň edaralarynyň hasaba alyş syýasatyny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary» diýlip atlandyrylan çärä guramamyzyň welaýat, etrap birleşmeleriniň hasapçylary gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda hasabat işlerini täze talaplara laýyklykda guramak boýunça gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Şeýle-de degişli hünärmenler okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň sowallaryna giňişleýin jogap berdiler.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly medeni çäreler, täsirli gezelençler guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: