JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirer. Ol sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Şol aralykda işe ýerleşmek isleýän raýatlar welaýat merkeziniň kärhanalarynda, guramalarynda, edaralarynda hem-de telekeçilerde bar bolan boş iş orunlary bilen tanyşyp bilerler. Degişli wekiller olara iş orny barada doly maglumatlary bererler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar çärä şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmeli.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: