JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde ýüz kottej ulanylmaga tabşyryldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde kottejleriň toplumyny ulanylmaga tabşyrdylar. Gurluşygyň tamamlanmagy mynasybetli, şol bir wagtyň özünde ýaşaýjylara özleriň gowşurylmagy mynasybetli guralan dabara öýleriň eýelerinden başga-da, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary: il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Toplumy üç gurluşyk guramasy: demir-beton konstruksiýalarynyň kärhanasy, Türkmenabadyň demir-beton önümleri zawody we Zergeriň demir-beton önümleri kärhanasy gurdular. Däp boşy ýaly, dabara döwründe tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sylaglary gowşurdylar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary bolsa sähel wagtdan täze jaýlaryň ýaşaýjylarynyň öýlerine girjekdiginiň we jaý toýuny tutjakdyklarynyň buşlukçysy bolup ýaňlandy.

Hersinde bäş otag bolan ýüz sany kottej jaýlar ýigrimi iki sany dört gatly jaýdan, iki we bir gatly jaýlardan durýan ýaşaýyş toplumynyň arhitektura ansamblynyň üstüni ýetirdi. Şeýlelik bilen, giňligine ulalyp barýan Türkmenabat şäheriniň täze ýaşaýyş toplumynyň gutarnykly keşbi emele geldi. Indi Türmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň iki tarapyny dört we iki gatly jaýlar gurşap alýarlar. Birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlarynyň emele gelmegi bilen, bu ýerde durmuşy binalar hem peýda boldy. Kottejler toplumy barada aýdanymyzda bolsa, onuň ortarasynda  täze supermarket açyldy we öňki bar söwda nokatlarynyň üstüni ýetirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: