JEMGYÝET

Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi gurnaldy

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalygynda göreldeli zähmet çekýän tejribeli daýhanlar we itşynaslar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşanlar şir ýürekli alabaýlaryň şanyna ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanşyp, welaýatymyzyň ussat suratkeşleriniň bu wepaly jandara bagyşlap döreden eserlerini we fotosuratlary ýakyndan synladylar. Olarda gorky-ürkini bilmeýän, namysjaň türkmen alabaý itleriniň gadymy döwürlerden bäri öý-ojaklary, kerwenleri, şeýle hem dowar sürülerini we gaýry mallary ýyrtyjylaryň hüjüminden goraýyşlary şekillendirilipdir.

Şanly sene mynasybetli açylan sergi şu hepdäniň dowamynda işlär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: