YKDYSADYÝET

Ätiýaçlandyryş guramasy boýunça tölegleri möçberi artýar

Lebap welaýatynda ätiýaçlandyryş guramasy boýunça şu ýylyň ýarym ýylyndaky ätiýaçlandyryş tölegleri 6 million 150,3 müň manada barabar boldy. Bu geçen ýylyň ýanwar—iýun aýlaryndakydan 9,6 göterim köpdür.

Hasabat döwründe ätiýaçlandyryş tölegleriniň esasy bölegi (59,9%) hökmany ätiýaçlandyrma boýunça gelip gowuşdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, meýletin emläk ätiýaçlandyrmasy boýunça tölegler 26,8 göterim, meýletin şahsy ätiýaçlandyrma boýunça 8,7 göterim we hökmany ätiýaçlandyrma tölegleri boýunça 3,7 göterim köpeldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: