YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda şaly oragyna guramaçylykly girişildi

Lebap welaýatynda şaly oragyna badalga berildi. Ähli etraplarda ýetişdirilen hasyly ýygnamaga guramaçylykly girişildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu ekin bugdaý oragyndan soň boşan meýdanlara ekildi. Şeýlelik bilen, daýhanlar toprak-howa şertlerinde netijeli peýdalanýarlar.

Welaýat boýunça 10 müň 200 gektar meýdanda gowy hasyl ýetişdirildi. Etraplaryň ählisinde şalynyň «Nukus-2» görnüşi ekildi. Şu möwsümde kärendeçiler 46 müň 700 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: