YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi ýokarlanýar

Lebap welaýatynda geçen döwürde 96,5 million manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu eýýäm ýyllyk tabşyrygyň 102,1 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Geçen ýylyň alty aýy bilen deňeşdirlende bolsa, düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi 11,2 göterim artdy.

Olar Türkmenistany Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalara harçlanyldy. Käbir ugurlarda ýyllyk tabşyryk birnäçe esse artyk ýerine ýetirildi. Mysal üçin, gazlaşdyryş obýektlerini we gaz geçirijilerini gurmak üçin 17,7 million manat özleşdirildi. Bu şu ýyl üçin göz öňünde tutulanyndan 17 essä ýakyn kändir. Aragatnaşyk ulgamynda bu görkeziji 4,2 million manada barabardyr we meýilleşdirileninden 2,4 esse köpdür. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bolsa meýilleşdirileninden 2 esse maýa goýumlary köp özleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: